Ýewropada şäherara "portallar" ornaşdyrylyp başlandy

  • 02.06.2021 21:50
  • 8.3k+

Litwada we Polşada bu ýurtlaryň ýaşaýjylaryna göni aragatnaşyk ýola goýmaga mümkinçilik berýän “portallar” ornaşdyryldy. Ol kameralardan we uly ekrandan ybarat ulgam bolup durýar diýip, msn.com habar berdi.

Bu ulgama "portal" diýilmeginiň sebäbi, esasan, onuň ekranynyň şekili bilen baglanyşyklydyr. Özi-de ol uzakdaky bir şäheriň köçelerinden görnüşleri edil golaýjygyňda ýaly edip görkezýär. Taslamanyň awtorlary onuň esasy maksadynyň adamlary "agzybirlik ideýasyna täzeden garamaga" höweslendirmekdigini aýtdy. Mundan başga-da, olaryň pikiriçe, minimalistik dizaýn şäheriň geljekki keşbini emele getirmäge kömek edýär.
"Portallar" häzire çenli Wilnýusda we Lýublinde  oturdyldy. Awtorlar şeýle ulgamlary geljekde dünýäniň beýleki şäherlerinde hem ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler. Şeýle hem olar taslamanyň web sahypasynda öz şäheriňiz, "portal" ýa-da tutuş planetanyň geljegi bilen bagly pikirleriňizi ýazyp ibermegi teklip edýärler.

şu gün 10:33
3.7k+

Emeli aň inženerleri ABŞ-ny terk edip, Hytaýa gaýdyp gelýärler

Hytaýda ABŞ-dan yzyna gaýdyp gelýän emeli aň hünärmenleriniň sanynyň görnetin artandygy bellenilýär. Gürrüň ozal Google DeepMind we OpenAI ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtlerinde işlän onlarça......

düýn 23:19
1.7k+

OpenAI täze kiberhowpsuzlyga niýetlenen «GPT-5.4-Cyber» modelini tanyşdyrdy

OpenAI kompaniýasy kiberhowpsuzlyk pudagynda ulanmak üçin niýetlenen täze emeli aň modelini — «GPT-5.4-Cyber-y» hödürledi. Bu model ýakyn aýlarda çykaryljak has güýçli çözgütlere taýýarlyk görmäge we......

düýn 16:25
1.2k+

Sanly gandallar: işjeň çatlar we habarlar boş wagtyňy nähili ogurlaýar

Bir wagtlar iş güni işgärleriň ofisden çykmagy bilen gutarýardy. Häzirki wagtda işgäriň ýene işe dümtünip galmagy üçin ýekeje habaryň gelmegi ýeterlik....

düýn 14:36
3.3k+

Alymlar çipsiz, batareýasyz ýa-da elektrik energiýasyz mehaniki kompýuter döretdiler

ABŞ-nyň keramatly Olaf kollejiniň we Sirakuza uniwersitetiniň alymlary pruzinalara we polat elementlere esaslanyp işleýän özboluşly hasaplaýyş ulgamyny döretdiler. Enjam elektrik energiýasyz, çipsiz ýa-da......