iPhone-da iýmit gözegçiligi funksiýasy peýda bolar

  • 01.06.2021 00:26
  • 6.5k+

iOS 15 ulanyjylary iPhone-yň kömegi bilen iýmiti kabul etmegiň gündeligini ýöredip bilerler. Bu barada meşhur insaýder Konnor Juis Twitterinde habar berdi diýip, hitech.mail.ru belleýär.

Juissiň pikiriçe, Apple smartfonlary üçin täze operasion ulgamynda içki “Saglyk” (Health) hyzmatynyň täzelenmegine garaşylýar. Hususan-da, programmada kaloriýany sarp etmegiň gündeligi peýda bolar. Ulanyjylar iýilýän iýmitdäki önümler barada maglumatlary ýörite gündelige girizip, iýmitlenişine gözegçilik edip bilerler. Fiziki maglumatlaryň we işjeňlik baradaky maglumatlaryň esasynda ulgam her bir ulanyjy üçin gündelik normany awtomatiki hasaplar.
Iýmit gözegçiligi funksiýasy bolan programmalar bazarda we AppStore dükanynda bar. iPhone-da beýleki programmalary “Saglyk” hyzmaty bilen birikdirip, bir programmada umumy işjeňlige we sarp edilen kaloriýalara gözegçilik edip bolýar. Adatça, iýmit baradaky maglumatlar önümiň ştrih koduny skanirlemek ýa-da el bilen girizilýär.
Şeýle-de, iOS 15-de täzelenen “gijeki režime”, iMessage programmasynyň kämilleşdirilmegine, täzeden işlenip düzülen habarnamalara we ulanyjy interfeýsiniň düýpli üýtgeşmelerine garaşylýar.
Öň, täze iOS 15-iň 7-nji iýunda Worldwide Developers Conference-de  hödürlenjekdigi habar berildi. 

düýn 16:10
3.2k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
988

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....