Hytaý fizikleri “emeli Günüň” işlemegi boýunça dünýä rekordyny goýdular

  • 31.05.2021 20:02
  • 9.4k+

Hytaý fizikleri plazma akymyny tokamakda – käwagtlar “emeli Gün” diýlip atlandyrylýan termoýadro sintez gurluşynda saklamak boýunça rekord goýdular. Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, alymlar plazmany 120 mln gradus temperaturada 101 sekunt sakladylar. Şondan soň temperatura 160 mln gradusa çenli ýokarlandy. Şeýle derejede ony 20 sekunt saklamak mümkin boldy. Bu barada TASS belleýär.

Şular ýaly öňki rekord 2018-nji ýylda Günorta Koreýada goýlupdy: şonda plazmany 100 mln gradus temperaturada 20 sekunt saklamak başartdy. Magnit meýdançasynda plazmanyň saklanyş wagty tokamakyň işiniň möhüm parametridir.

“Täze rekord ýadro sinteziniň energiýa çeşmesini almak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilip bilinjekdiginiň ýene bir subutnamasy bolup hyzmat edýär. Ol fiziki we inženerçilik işleriniň täjirleşdirilmegi üçin hem esas döredýär” – diýip, Hefeýde Plazmanyň fizika institutynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýuntao Sun belleýär.

Tokamak – bu geljekde tükeniksiz energiýa çeşmesi bolup biljek gözegçilik edilýän termoýadro sinteziniň reaksiýasy üçin gurluş. “Tokamak” sözi “magnit katuşkaly toroidal kamerany” aňladýar. Ilkinji tokamak 1954-nji ýylda SSSR-de guruldy. Hefeýdäki eksperimental tokamak EAST 2006-njy ýyldan bäri işleýär.

şu gün 10:01
2.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.4k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.7k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....