«Demirýollary» AGPJ: Türkmenistan boýunça şäherara gatnawlar doly dikeldildi

  • 31.05.2021 15:34
  • 52k+

«Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda şäherara ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň täzeden hereket edip başlandygyny habar berdi.

AGPJ-niň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat we Türkmenbaşy —Türkmenabat — Türkmenbaşy ugurlary boýunça otly gatnawlary öňki tertibe gaýdyp geldi.
2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ýurtda ýolagçy otlulary Türkmenabat — Gazojak — Türkmenabat, Türkmenabat — Amyderýa — Türkmenabat we Mary —Serhetabat — Mary ugurlary boýunça gatnap başlar.
Belläp geçsek, Türkmenistanda mart aýyndan başlap, Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat (Mary şäherinde durup geçýär), aprel aýyndan başlap bolsa Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat ugurlary boýunça otly gatnawy ýola goýlupdy.
Gatnawlar arassaçylyk we sanitariýa talaplaryny berjaý etmek şerti bilen  dikeldildi.
Otly gatnawlarynyň häzirki tertibi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
«Demirýollary» AGPJ-nyň resmi web sahypasynda, şeýle hem Android we iOS ulgamlar arkaly işleýän telefonlardyr planşetler üçin niýetlenen programmalar arkaly ýolagçy petegini onlaýn satyn alyp bolýar. Bu hyzmat ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we etraplarda işleýär. Hyzmaty ulanmak üçin internete girmek ýeterlikdir.


şu gün 11:16
491

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 16:11
1.5k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

düýn 14:36
2.4k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

düýn 14:04
2.3k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......