Türkmen Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmen Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň onlaýn görnüşde geçiren «Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça bu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk soňky birnäçe aýyň dowamynda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň goldaw bermeginde BMG-niň sebit ykdysady toparlarynyň, howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça Hereketler toparynyň, BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň, daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň we «СOVID-19 ýokanjy döwründe we ondan soňky pursatlarda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça başlangyçlaryň» çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň geçiren «tegelek stollarynyň» tapgyryny jemleýär.
Gazyp alýan pudaklaryň, şol sanda nebit, gaz we dag-magdan senagatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Zyýanly gazlaryň howa zyňylmagyny azaltmakda bu pudaklara möhüm orun degişlidir. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek, СOVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen çökgünlikden soň, ykdysadyýeti dikeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmak, «ýaşyl energetika» geçmek, ekologiýa taýdan arassa we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, tehnologiýalara we innowasiýalara maýa serişdelerini gönükdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşykda onlaýn tertipde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalarynyň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydygyny belledi.
Häzirki döwürde Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalara laýyklykda, Türkmenistanda BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi hakynda Dördünji milli maglumaty hem-de Birinji ikiýyllyk maglumaty taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu resminamalaryň ikisi hem 2023-nji ýylyň başynda BMG-niň sekretariatyna hödürlener.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe maglumatlary mysal hökmünde beýan etdi.
Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde geçirilen bilermenleriň bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. “Gök guşak” umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, suwaryşyň oňyn suw tygşytlaýjy usullaryny ulanmak arkaly, şäherleriň töwereklerinde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistan birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip edýär.