Söwda-senagat edarasynda Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

  • 25.05.2021 13:34
  • 20k+

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi öz işine başlady.

Forum Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli serginiň meýdançalarynyň birinde şähergurluşyk, dolandyryş ulgamlary, inžener-üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk, senagat we durmuş düzümleri, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa, abadançylyk ýaly ýörite bölümler görkezilýär.
Sergä kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Sergi şu gün hem öz işini dowam edýär. Ol tamamlanandan soňra gatnaşyjylaryň hemmesine degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşurylar.


düýn 19:04
4.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....