Eýnşteýniň E=mc2 deňlemeli haty 1,2 mln dollara satyldy

  • 23.05.2021 12:51
  • 11k+

Fizik-teoretik Albert Eýnşteýniň E=mc2 formulaly golýazma haty Bostonyň RR Auction auksionynda 1 243 707 dollara satyldy diýlip, auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Hatyň başlangyç bahasy 400 müň dollardy. Ýöne haty satyn alyjynyň ady mälim edilmeýär diýip, kommersant.ru belleýär.

Bu hat fizik Lýudwik Zilberşteýna gönükdirilip, ol 1946-njy ýylyň oktýabr aýynda ýazylypdyr. Bu hatda massa bilen energiýanyň ekwiwalentligini görkezýän E=mc2 formulasy getirilýär. Bu dünýäde iň meşhur fiziki formulalaryň biridir. 
Eýnşteýniň haty “Siziň soragyňyza haýsydyr bir erudisiýa bolmazdan, E=mc2 formulanyň üsti bilen jogap bermek mümkin” diýen sözler bilen başlanýar.
Dünýäde jenap Eýnşteýn tarapyndan ýazylan bu formulanyň jemi dört nusgasy belli. Gürrüňi gidýän nusga giň köpçülige ilkinji gezek hödürlendi. 

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....