Madridiň "Atletikosy" 11-nji gezek La Liganyň çempiony boldy

  • 23.05.2021 12:32
  • 8.6k+

Ispaniýanyň La Ligasynyň jemleýji 38-nji tapgyrynda Madridiň “Atletikosy” "Walýadolidi" ýeňdi. Duşuşyk Walýadoliddäki “Hose Sorrilýa” stadionynda geçdi we 2:1 hasabynda madridlileriň peýdasyna tamamlandy.

Ýer eýeleri hasaby ilkinji bolup açdylar. Duşuşygyň 18-nji minudynda “Walýadolidiň” hüjümçisi Oskar Plano gol geçirdi. Duşuşygyň 57-nji minudynda "Atletikonyň" hüjümçisi Anhel Korrea hasaby deňledi. 67-nji minutda La Ligadaky 21-nji goluny geçirip,  urugwaýly hüjümçi Luis Suarez duşuşygyň gahrymany boldy.

Şeýlelikde, “Atletiko” 38 oýunda 86 utuk toplady we 2020/2021 möwsümde Ispaniýanyň La Ligasynda iň ýakyn bäsdeşi “Real”-dan iki utuk öňe saýlandy. "Walýadolid" (31) 19-njy bolup, Segunda düşdi.

Bu Ispaniýanyň çempionatynda madrid klubunyň 11-nji çempionlygydyr.

Mundan öň, tälimçi Diego Simeone 2013/14 möwsüminde “Atletikony” çempionlyga alyp bardy.

2020/21-nji möwsümde La Ligada üçünji orny "Barselona", ​​dördünji orny "Sewilýa" eýeledi.

şu gün 11:27
570

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

şu gün 09:55
1.8k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

düýn 23:01
5.3k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

düýn 15:38
4.1k+

«Liwerpul» 1989/90 çempionlyk möwsüminiň dizaýnynda täze eşigini görkezdi

«Liwerpul» futbol kluby Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026/27 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi....