Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama tassyklanyldy

  • 22.05.2021 15:56
  • 10k+

Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Maksatnamanyň taslamasy döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp hem-de adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ilatymyzyň saglygyny goramak babatda düşünjelerini artdyrmak hem-de her bir adamda öz saglygyny gorap saklamak we berkitmek üçin şahsy jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanyldy.
Halkyň saglygyny gorap saklamak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, ilatyň ýokary durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletiň içeri syýasatynyň esasy wezipesi hökmünde ilatyň sagdyn, işjeň hem-de döredijilik durmuşyny kepillendirmek, lukmanlaryň immunologiýa baradaky bilimlerini has-da ösdürmek, immun ulgamynyň işleýiş ýagdaýyna baha bermegiň esasy ölçegleri baradaky bilimleri girizmek we beýleki kadalar Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri bolup durýar.
Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, keselleriň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek boýunça innowasion tehnologiýalara esaslanýan çäreler durmuşa geçiriler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......