Planetamyzda näçe guşuň ýaşaýandygy anyklandy

  • 21.05.2021 23:32
  • 24k+

Awstraliýaly alymlar umumy sanyny we her bir görnüşiň sanyny anyklamak üçin guşlaryň ýazuwyny geçirmek kararyna geldiler. Özleriniň barlag işinde olar guşlara gözegçilik edýän onlaýn maglumatlar bazasy bolan eBird-i peýdalandylar. Hünärmenler onuň kömegi bilen guşlaryň bar bolan görnüşleriniň 92%-niň wekillerini kesgitlemegi we sanamagy başardylar. Galan görnüşler sanynyň azdygy we olary bellige almagyň kynlygy sebäpli statistika girizilmedi diýip, news.mail.ru habar berýär.

Netijede, hünärmenler häzirki wagtda dünýäde, takmynan, 50 milliard ýabany guşuň ýaşaýandygyny anykladylar, bu bolsa adamlardan tas alty esse köpdür.
Bu guşlar 9,7 müň görnüşe degişlidir. Olardan has giňden ýaýrany we köp sanlysy – öý serçeleri, adaty garasarlar, delawer çarlaklary we oba garlawajy. Alymlar bu görnüşleriň her birinde milliarddan gowrak şahsy hasaba aldylar.

“Adamlar öz görnüşimiziň wekillerini sanamak üçin köp tagalla etdiler we Ýer ýüzünde 7,8 milliard adamyň ýaşaýandygyny anykladylar. Täze gözleg işi bolsa beýleki görnüşleriň hem wekilleriniň takyk sanyny bilmek üçin edilen ilkinji giňişleýin synanyşykdyr” – diýip, Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň (UNSW) ekology Uill Kornuell belleýär.

Alymlar häzirki wagtda guşlaryň arasynda diňe birnäçe görnüşiň agdyklyk edýändigini nygtaýarlar. Geljekki gözlegleriň kömegi bilen guşlaryň bu görnüşleriniň şeýle artykmaçlyga eýe bolmagynyň käbir sebäplerini öwrenmek bolar. 

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....