Konor Makgregor üçünji gezek kaka boldy

  • 18.05.2021 20:47
  • 34k+

Iki agram kategoriýasynda UFC-niň eks-çempiony Konor Makgregoryň maşgalasynda “köpelme” boldy. 17-nji maýda irlandiýaly söweşijiniň oguljygy dünýä indi. Oňa Raýan adyny dakdylar diýip, ria.ru habar berýär.

“Makgregorlaryň klany indi bäş adamdan ybarat. Sagdyn bir ogul dünýä indi! Körpe bilen onuň ajaýyp ejesiniň ýagdaýlary örän gowy! Allajan, men şu dünýäde maňa we maşgalama berýän zatlaryň ählisi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Meniň täze dünýä inen oglum Raýan Makgregor” – diýip, Makgregor Instagram-da ýazdy.

De Dewlin bilen Konor Makgregor eýýäm 13 ýyl bäri bile. Olaryň öňem iki çagasy bar, ýagny 2021-nji ýylda dört ýaşan ogly Konor Jek we 2 ýaşly gyzjagazy Kroýa.

düýn 16:34
2.3k+

Forbes iň girdejili sport klublaryny aýtdy: 30 ýyl baş ýaryşy utmadyk topar sanawda birinji

Forbes neşiri ýylyň iň girdejili sport klublarynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Milli futbol ligasynda (NFL) çykyş edýän amerikan futbol topary «Dallas Kowboýz» eýeledi. Klubuň geçen möwsümde operasion girdejisi 629 mln dollar boldy...

düýn 07:26
9k+

«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy...

11.01.2026 21:20
3.9k+

Erling Holand yzygider altynjy gezek Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy boldy

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand 2025-nji ýylyň jemi boýunça Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol bu baýragy yzygider altynjy gezek alýar diýip, Norwegiýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär...

11.01.2026 20:13
5.1k+

Gwardiola taryhda transfer çykdajylary üçin 2 mlrd ýewrodan gowrak sarp eden ilkinji tälimçi boldy

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola futbol taryhynda klubuň transfer çykdajylaryny 2 mlrd ýewro ýetiren ilkinji tälimçi boldy. Bu barada Transfermarkt internet portaly habar berýär. «Mançester Siti» iki milliard ýewro görkezijisinden «Bornmutdan» ganaly winger Antuan Semenýony 72 mln ýewro satyn alandan soň geçdi – bu häzirki ýanwar aýyndaky transfer penjiresiniň iň uly şertnamasy boldy...