Eýranda 5,3 magnitudaly ýer titremesi bolup geçdi. Yrgyldylar Türkmenistanda hem duýuldy

  • 17.05.2021 16:21
  • 54k+

Duşenbe güni irden Eýranyň demirgazyk-gündogarynda 5,3 magnitudaly ýer titremesi bolup geçdi. Bu barada Ýewropa-Ortaýerdeňzi seýsmologiýa merkezi habar berýär.

Ýer titremesiniň merkezi 192 müň ilaty bolan Bojnurd şäherinden 50 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Onuň ojagy 10 kilometr çuňlukda ýerleşýärdi.
Eýranyň IRNA agentliginiň Eýranyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetine salgylanyp, habar bermegine görä, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Demirgazyk Horasan welaýatynda Sanhwast şäherinde ýer titremesi netijesinde azyndan üç adam şikes aldy.
Ýerasty yrgyldylar Türkmenistanyň günorta böleginde hem hasaba alyndy. TmCars-yň Aşgabatdaky habarçysy ýer titremesiniň yrgyldylary barada ilkinji minutlarda aşgabat wagty bilen 04:00-dan soň habar beripdi.

şu gün 01:04
80

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

düýn 16:23
6.2k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.3k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......

18.04.2026 23:36
3.7k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......