Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi

  • 17.05.2021 00:07
  • 45k+

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow garşylady.

Bu saparyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikiçäk duşuşygy, şeýle hem giňeldilen düzümdäki gepleşikleri göz öňünde tutulýar.

şu gün 16:30
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly...

şu gün 16:27
513

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

şu gün 10:41
2.8k+

Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler

«Business Сentral Asia» halkara žurnaly Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlady...

şu gün 10:31
6.7k+

Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy...