Eýnşteýniň guşlar we fizika barada jemgyýete öň mälim bolmadyk haty neşir edildi

  • 14.05.2021 18:57
  • 13k+

Awstraliýaly barlagçylaryň topary meşhur fizik Albert Eýnşteýniň jemgyýetçilige öň belli bolmadyk hatyny neşir etdiler. Alym 1949-njy ýylda ýazan hatynda balarylary, guşlar we haýwanlaryň täze açyşlara nähili kömek edýändigi barada gürrüň edýär. Bu barada ridus.ru habar berýär.

Eýnşteýniň haty radary öwrenmek bilen meşgullanan iňlis inženeri Glin Dewisa gönükdirilýär. Hatynda fizik haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwrense, alymyň täze açyşlaryň üstünden barjakdygyny ýazypdyr.

Saklanyp galan hat Eýnşteýniň Nobel baýragynyň laureaty, balarylarynyň we haýwanlaryň duýuş ukybyny (sensorika) öwreniji Karl fon Friş bilen duşuşandygyny hem subut edýär. Ol ylmyň taryhynda iň möhüm açyşlaryň biri hasaplanýan balarylarynyň tansynyň diliniň tapylmagynda aýgytly rol oýnady.
1949-njy ýylyň aprel aýynda fon Friş balarylarynyň ýagtylyk bölejiklerini ulanyp, ýoly nähili tapýandygy baradaky işini tanyşdyrýar. Bu wakadan bir gün soň, Eýnşteýn bilen Friş duşuşýar.

“Göçüp barýan guşlaryň we poçta kepderileriniň özüni alyp barşyny öwrenmek bir gün heniz belli bolmadyk käbir fiziki proseslere düşünmäge kömek edip biler” – diýip, Eýnşteýn ýazýar.

“Biz 70 ýyldan gowrak wagt geçensoň, Eýnşteýniň çaklamasynyň dogry bolandygyny bilýäris. Häzirki zaman maglumatlary guşlaryň planetanyň magnit meýdançasyndaky ownuk üýtgeşmelere duýgur bolan gözlerindäki ýörite fotoreseptorlaryň kömegi bilen Ýeriň magnit meýdançasyny duýup bilýändigini delillendirýär. Bu olara azaşman, müňlerçe kilometri geçmäge mümkinçilik berýän zatdyr” – diýip, makalanyň awtorlary ýazýarlar.

şu gün 00:18
150

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....