Içginiň reňki sport görkezijilerine täsir edýär

  • 14.05.2021 20:31
  • 8.9k+

Londonyň Westminster uniwersitetiniň alymlary gülgüne reňkli sport içgileriniň öndürijiligi 4,4% ýokarlandyryp bilýändigi baradaky täsin netijä geldiler. Bu barada popmech.ru habar berýär.

Barlag işleriniň çäginde alymlar käwagt iki içginiň birini owurtlap, 30 minut ylgaw eden meýletinçileriň maglumatlaryny öwrendiler. Bir çüýşe dury suwuklyk, ikinjisi düzümi meňzeş bolan, ýöne gülgüne reňkli suwuklyk bilen doldurylypdy. Gülgüne suwy içen gatnaşyjylar dury suw içenlerden ortaça 212 metr köp ylgadylar.
Şunuň bilen birlikde, gülgüne içginiň özüňi gowy duýmaga kömek edýändigi anyklandy, bu bolsa öz gezeginde maşklary aňsat we lezzetli edýär.
Barlag işiniň awtorlary gelen netijelerini türgenleşik wagtynda uglewodly içgilerini içmegiň adam tarapyndan maşklaryň intensiwliginiň kabul edilmegine täsir edip bilýändigini görkezýän ozalky işler bilen düşündirýärler. Azyk önümlerinde gülgüne reňkiň süýji, uglewod we şeker önümleri bilen birleşýändigi üçin, awtorlar bu öwüşgin plasebo ýaly işleýär diýip hasaplaýarlar.
“Frontiers in Nutrition” žurnalynda neşir edilen bu iş içginiň reňkiniň maşklaryň netijeliligine täsirini bahalandyrýan ilkinji iş bolmak bilen, geljekde sport içgileri we maşklar bilen bagly barlaglaryň täze ugruny açmaga mümkinçilik berýär.

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....