BMG dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamalaryny ýokarlandyrdy

BMG dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamalaryny ýokarlandyrdy

BMG şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň 5,4%-e çenli ösüşini çaklaýar. Bu barada bütindünýä guramasynyň ösüş mümkinçilikleri baradaky orta möhletli hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Derňewlere laýyklykda, “2020-nji ýyldaky birden 3,6% pese gaçyşdan soň, dünýä ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 5,4% ösjekdigi çaklanylýar”. Ýanwar aýynda BMG ösüşiň diňe 4,7% boljakdygyny çaklapdy.
BMG-niň Global ykdysady gözegçilik bölüminiň başlygy Hamid Raşidiň hasabatyň tanyşdyrylyşynda belleýşi ýaly, global ösüş “ABŞ-nyň we Hytaýyň ykdysady işjeňliginiň güýçlenmegi”, şeýle-de pandemiýadan soň umumy ykdysady dikeliş bilen baglanyşyklydyr. “Söwdanyň göwrümi eýýäm pandemiýadan öňki derejesine ýetdi” – diýip, ol belledi.
Şol bir wagtyň özünde Raşid dünýäniň dürli sebitlerinde deň bolmadyk dikelişe ünsi çekdi. Hususan-da, ol “ykdysady mümkinçilikleriň Ýewropa üçin pesdigini” belledi.