Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy

  • 09.05.2021 19:25
  • 8.5k+

AnTuTu bençmarky şu ýylyň aprel aýy üçin iň kuwwatly flagman smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi. TOP-10-yň ähli orunlary Qualcomm Snapdragon 888 prosessorly smartfonlara degişli boldy diýip, ufacitynews.ru habar berýär.

Sanawyň lideri 860 467 bal gazanan Black Shark 4 Pro smartfony boldy. Ikinji orunda 831 801 bal bilen Oppo Find X3 Pro smartfony, üçünji orunda – 828 649 bal bilen Nubia Red Magic 6 Pro, dördünji orunda – 826 004 bal bilen One Plus 9 Pro, bäşinji orunda – 821 571 bal bilen Lenovo Legion ýerleşdi.
Ýokary baha aralygyndaky iň kuwwatly Android smartfonlaryň onlugyna 815 884 bal bilen Vivo X60 Pro+, 815 589 bal bilen iQOO 7, 809 703 bal bilen OnePlus 9, 808 131 bal bilen Xiaomi Mi 11 Ultra we 801 900 bal bilen Xiaomi Mi 11 hem girdi.
Smartfonlar baradaky maglumatlar 1-nji aprelden 30-njy aprel aralygynda ýygnaldy. Sanawda her bir smartfonyň ortaça görkezijisi ulanyldy. Her bir smartfon üçin azyndan 1000 synagyň netijesi hasaba alyndy, az synagly modeller sanawa girizilmeýär.

düýn 23:55
271

Google: Kompaniýadaky kodlaryň 75 göterimini emeli aň ýazýar, emma karary inženerler berýär

Google-da täze ýazylýan kodlaryň takmynan 75 göterimi emeli aň gurallarynyň kömegi bilen döredilýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçaý «Cloud Next 2026» maslahatyna bagyşlanan blog ýazgyda habar......

düýn 18:53
1k+

Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi

Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap......

29.04.2026 23:03
1k+

Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ...

29.04.2026 18:34
2.5k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....