Tokiodaky Olimpiýa oýunlary üçin Pfizer we BioNTech sanjymlary saýlandy

  • 07.05.2021 16:43
  • 3.7k+

Amerikan kompaniýasy Pfizer we onuň germaniýaly hyzmatdaşy BioNTech Halkara Olimpiýa komiteti bilen Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda türgenlere koronawirusa garşy sanjym etmek üçin öz derman serişdelerini bermek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada nemes kompaniýasynyň saýtynda neşir edilen metbugat beýanatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Pfizer bilen BioNTech 2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda başlajak Tokiodaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenlere we wekiliýetlere sanjym etmek üçin COVID-19-a garşy öz derman serişdelerini bermek barada HOK bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilendigini habar berdiler” – diýlip, beýannamada aýdylýar. Sanjymyň ilkinji dozalarynyň gatnaşyjylara maý aýynyň ahyrynda ýetirilmegine garaşylýar.
“Bu sanjymyň şeýle berilmegi Tokiodaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny ähli gatnaşyjylar üçin howpsuz etmäge, şeýle-de Oýunlaryň ýolbaşçylary bilen raýdaşlygy görkezmäge kömek etjek çärelerimiziň ýene bir guralydyr” – diýip, HOK-nyň ýolbaşçysy Tomas Bah belledi.
– Biz türgenleri we olimpiýa wekiliýetleriniň agzalaryny görelde bolup, mümkin boldugyndan sanjym almaga çagyrýarys. Biz Pfizer we BioNTech kompaniýalaryna Tokiodaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenleriň we oýunlara gatnaşyjylaryň sanjymyny goldamak üçin beren bu “sowgady” üçin minnetdarlyk bildirýäris”.

düýn 13:28
5k+

Gresiýadaky Olimpiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Gresiýanyň gadymy Olimpiýa şäherinde 2026-njy ýylyň Gyşky oýunlarynyň öňüsyrasynda Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlary 6-njy fewraldan 22-nji fewrala çenli Milanda we Kortina-d'Ampessoda (Cortina d'Ampezzo) geçiriler...

düýn 12:45
8.2k+

Çempionlar ligasy: “Arsenal” “Bawariýany” utdy, Mbappe poker etdi we beýleki garaşylmadyk netijeler

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň jemleýji oýunlary ýokary netijeliligi görkezdi – oýun gününiň dokuz oýnunda futbolçylar jemi 42 gol geçirdi. Tapgyryň merkezi oýnunda “Arsenal” Mýunheniň “Bawariýasyny” 3:1 hasabynda utdy...

düýn 10:16
3.1k+

19 ýaşly özbegistanly Žawohir Sindarow küşt boýunça Dünýä kubogyny gazandy

Özbegistandan grossmeýster Žawohir Sindarow küşt boýunça Dünýä kubogyny gazandy. Ýaryş Goa ştatynda (Hindistan) geçirildi. Finalda 19 ýaşly küştçi hytaýly Weý Ini taý-breýkde utdy. Ýeňiş taý-breýkiň ikinji döwünde gara mallar bilen gazanyldy...

26.11.2025 12:52
7.2k+

Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji oýunlary geçirildi. Olardan ikisi garaşylmadyk netije bilen tamamlandy: “Çelsi” “Barselonanyň” derwezesine jogapsyz üç gol geçirdi, “Mançester Siti” bolsa öýünde Lewerkuzeniň “Baýerinden” utuldy...