Bütindünýä sanjym kongresi Moderna-ny koronawirusa garşy iň gowy sanjym diýip ykrar etdi

  • 07.05.2021 16:14
  • 13k+

Pandemiýa sebäpli çarşenbe güni wideo aragatnaşyk görnüşinde geçirilen Bütindünýä sanjym kongresinde (World Vaccine Congress Washington) Moderna amerikan kompaniýasynyň derman serişdesi koronawirusa garşy iň gowy sanjym diýlip ykrar edildi. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Ýokanç keseliniň ýaýramazyndan öň her ýyl Waşingtonda geçirilýän forumda Moderna derman serişdesi «COVID-19-a garşy iň gowy sanjym» nominasiýasynda ýeňiş gazandy. Gysga sanawda Russiýanyň «Sputnik V» sanjymy, şeýle-de AstraZeneca, Bharat Biotech, Janssen, Medicago, Novavax, Pfizer/BioNTech hem-de haýwanlar üçin Zoetis sanjymy bar. Pfizer/BioNTech amerikan we german kompaniýalarynyň sanjymyna hem ýokary baha berildi. Moderna «Iň gowy täze tehnologiýa/sanjym platformasy» nominasiýasynda hem ýeňiji boldy.
Bütindünýä sanjym kongresi özüni öňdebaryjy global sanjym kongresi diýip atlandyrýar. Ol 20 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär. Bütindünýä sanjym kongresinde bu derman serişdelerini işläp taýýarlamak we ýaýratmak meseleleri bilen meşgullanýan halkara hünärmenleriniň we alymlarynyň gatnaşmagynda konferensiýalar geçirilýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Moderna sanjymyny aprel aýynyň ahyrynda gyssagly ulanmak üçin maslahat berilýänleriň sanawyna goşdy. Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi (EMA) mart aýynyň başynda Moderna sanjymynyň howpsuzlygyny tassyklady.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......