Garramagy haýalladýan doňdurma oýlanyp tapyldy

  • 05.05.2021 13:55
  • 13k+

Internet ulgamynda polşaly alymlaryň biriniň täze açyşy barada maglumatlar peýda boldy. Aýdylmagyna görä, Günbatar Pomeraniýa Tehnologiýa Uniwersitetiniň işgäri Kataržina Şkolnitska bedeniň tebigy garramagyny haýalladýan doňdurmany oýlap tapdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Munuň üçin oňa doňdurmanyň düzümindäki süýjülikleriň diňe birini çalyşmak ýeterlik boldy. "The First News"-yň ýazmagyna görä, Kataržina Şkolnitska doňdurma öndürmekde adatça ulanylýan süýdüň ýerine bu gezek aýran ulandy. Netijede, ýagsyzlandyrylan gaýmakdan durýan desert adam bedeni üçin has peýdaly hem-de garramagy haýalladýan serişde bolup çykdy.
Aýrandan ýasalan doňdurma ýörite stabilizatorlar we emulsifikatorlar ulanylmasa-da ýeňil bolýar diýip, çeşme belleýär. Bu juda gowy ýeňil desert bolup, ol diňe bir özüňi duýşuňy gowulandyrman, eýsem, biologik taýdan garramagy hem haýalladyp biler.

şu gün 06:00
4.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.12 - 14.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

düýn 12:18
1.4k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

düýn 12:06
3k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

düýn 12:02
1.8k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...