Kosmosda MMA söweşleri geçirilip başlanar

  • 05.05.2021 13:58
  • 16k+

«Iervolino Entertainment» kompaniýasy we “Space 11” startapy “galaktiki söweşleriň” döredilýändigini habar berdiler. Munuň özi kosmosda nol derejedäki agyrlyk güýjünde boljak garyşyk söweş sungatynyň (MMA) täze bir görnüşi bolar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

"Galaktiki söweşler" söweş kapsulaly ýörite kosmos gämisinde geçiriler we ol Ýeriň orbitasynda ýerleşer.
Söweşijiler ýaryşa seresaplylyk bilen taýýarlanylar, ýöne bu türgenleşikler, esasan, nol derejedäki agyrlyk güýjüne uýgunlaşmaga gönükdiriler. Bildirişde ilkibaşda 40 gatnaşyjynyň saýlanjakdygy, ýöne okuw maksatnamasynyň dowamynda olaryň 32-siniň ýaryşdan çykaryljakdygy aýdylýar.
Okuwlaryň dowamynda edil kosmonawtlary taýýarlamakdaky ýaly usullar ulanylar. Galan sekiz gatnaşyjy ägirt uly kosmiki finala çykar diýip, çeşme belleýär.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......