BSGG Hindistana COVID-19-a garşy göreşe kömek etmek üçin 2,6 müň işgär iberdi

  • 30.04.2021 15:19
  • 14k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Hindistana koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň artmagyna garşy göreşmäge kömek etmek üçin 2,6 müňden gowrak işgär iberdi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesusyň aýtmagyna görä, bu işgärler hindi kärdeşlerine sanjym we gözegçilik wagtynda tehniki maslahat hem-de ýardam bererler.

«BSGG müňlerçe kislorod konsentratoryny, ykjam meýdan hassahanalaryny we barlaghana esbaplary ýaly enjamlary hem-de materiallary bermek bilen elinden gelenini edýär» – diýip, Gebreýesus belledi.

Hindistanda koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda, kyn epidemiologiki ýagdaý ýüze çykdy. Ýurtda eýýäm yzygider bäşinji gün COVID-19 bilen kesellänleriň rekord ösüşi hasaba alynýar.
Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ýagdaýy “koronawirus tupany” diýip häsiýetlendirdi. Hindistanda koronawirusyň epidemiki partlamasy koronawirusyň iki mutasiýaly täze görnüşi bilen baglanyşykly bolup biler. Şeýle-de, Hindistanyň käbir ýerlerinde köpçülikleýin çärelere gadaganlyk ýok. Aýratynam, ýurtda Kumbha Mela festiwaly dowam edýär, onuň dowamynda zyýaratçylar Gang derýasynda köpçülikleýin ýuwunýarlar.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......