Ýewropa ligasynyň 1/2 final tapgyrynyň birinji duşuşyklary geçirildi

  • 30.04.2021 09:02
  • 8.5k+

Ýewropa ligasynyň 1/2 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda «Mançester Ýunaýted» «Romany» 6:2 hasabynda ýeňmegi başardy.
Duşuşygyň birinji ýarymyndan soň, iňlis kluby 1:2 hasabynda utulyp gelýärdi. Iňlis klubunyň düzüminde urugwaýly hüjümçi Edinson Kawani hem-de portugaliýaly ýarymgoragçy Brunu Fernandeş dubl etmegi başardy.

Ugurdaş duşuşykda Londonyň «Arsenaly» myhmançylykda «Willarealdan» ýeňildi (1:2).
Ispan kluby duşuşygyň eýýäm birinji ýarymynda iki gol geçirdi. Gollary öz adyna Manuel Trigeros we Raul Albiol ýazdyrdy. Londonlylardan Nikolýa Pepe penaltiden gol geçirip, hasaby 1:2 etdi.
57-nji minutdan başlap, Dani Sebalýosyň gyzyl duýduryşyndan soň, «Arsenal» duşuşygy on bolup dowam etdi. 80-nji minutda bolsa «Willarealdan» Etýen Kapu oýundan çykaryldy.
Bu klublaryň arasyndaky jogap duşuşyklary 7-nji maýa geçilýän gije geçiriler.

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......