Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar

Şu gün Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş sapary bilen geler.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde iki döwletiň Baştutanlarynyň dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we sebitara gatnaşyklary giňeltmek meselelerini öz içine alýan gepleşikleri geçiriler.
Iki ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna bagyşlanan çärelere hem gatnaşarlar.