Prezidentligiň 100 gününden soň, Baýdeniň reýtingi Trampyň antirekordyna golaýlady

  • 26.04.2021 23:47
  • 21k+

“Washington Post” we “ABC News” neşirleri pikir soraşma geçirip, amerikalylaryň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene bolan garaýşyny anykladylar. Bu barada sm.news habar berýär.

Netijede, Ştatlaryň ýaşaýjylarynyň 42%-niň ýurduň baştutanynyň syýasatyny makullamaýandygy belli boldy. Şol bir wagtyň özünde 52%-i pikir soraşma gatnaşmakdan saklandy ýa-da özleriniň prezidente bolan oňyn garaýşyny bildirdiler. Bu görkeziji 1974-nji ýylda Jerad Forddan (48%) we 2017-nji ýylda Donald Trampdan (42%) başga, 1945-nji ýyldan bäri Baýdeniň özünden öňdäkileriň islendik biriniň görkezijisinden has pesdir.
COVID-19 bilen göreş syýasatyny sorag edilenleriň 64%-niň, ykdysady strategiýany 52%-niň makullaýandygyny göz öňünde tutmak gerek. Amerikalylaryň 37%-i Baýdene Meksikadaky migrasiýa prosesi bilen baglanyşykly oňyn baha berdi.
Şol bir wagtyň özünde, 60%-i Baýdene respublikanlardan goldaw almagy maslahat berýär. 30%-i onuň hiç hili goldawsyz hem hereket edip biljekdigine ynanýar.
18 – 21-nji aprelde iňlis we ispan dillerinde geçirilen pikir soraşma 1 müňden gowrak adam gatnaşdy
.

şu gün 17:16
1.9k+

ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

şu gün 11:38
1.7k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...