UEFA-nyň 2019-2020 möwsüminde näçeräk gird­eji gazanandygy belli boldy

  • 24.04.2021 15:33
  • 11k+

Ýewropa futbolynyň dolandyryş edarasy bolan UEFA-nyň girdejisi 2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýyly üçin 3.04 milliard ýewro (3,65 milliard dollar) aşaklady. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Bu görkeziji 2018/19 möwsüminde Covid-19 pandemiýasy sebäpli Ýewropanyň futbol senenamasyny togtatmagynyň netijesinde alnan 3,86 milliard ýewro girdejiden (4,63 milliard dollar), takmynan, 820 million ýewro (984 million dollar) azaldy. UEFA girdejileriniň azalmagynyň sebäpleri hökmünde oýunlaryň sanynyň azalmagyny, ýaýlymçy kompaniýalara we täjirçilik hyzmatdaşlaryna töleg eglişiklerini we janköýersiz geçen oýunlary mysal getirdi.
Habar beriş serişdelerine hukuklaryndan gelýän 2,59 milliard ýewro (ABŞ-nyň 3,11 milliard dollary) girdejisi UEFA-nyň umumy dolanyşygynyň 85 göteriminden gowragyny düzýär, hemaýatkärlik we ygtyýarnama bermek ýaly täjirçilik hukuklaryndan alýan girdejisi bolsa 417,8 million ýewro (501,6 million ABŞ dollary) barabar boldy.

şu gün 16:42
657

Şwesiýaly Arman Dýuplantis syrykly bökmekde eýýäm 15-nji dünýä rekordyny goýdy

Şwesiýadan iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis syrykly bökmek boýunça karýerasynda 15-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi. Bu gezek ol Şwesiýanyň Uppsala şäherinde geçirilýän "Mondo Classic – 2026" möwsümara ýaryşynda 6,31 metr belentlikden aşyp bildi...

şu gün 16:27
1.1k+

Dana Waýt Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň biletleriniň mugt boljakdygyny aýtdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň prezidenti Dana Waýt 14-nji iýundan 15-nji iýuna geçilýän gije ABŞ-nyň Prezidentiniň resmi rezidensiýasynyň çäginde geçiriljek UFC ýaryşynyň bilet syýasaty barada maglumat berdi...

şu gün 13:04
2.2k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji...

şu gün 12:13
3.1k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...