Samsung 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 77 milliondan gowrak smartfon satdy

  • 24.04.2021 11:48
  • 5.7k+

Samsung kompaniýasy 2021-nji ýylda dünýäniň iň meşhur smartfon öndürijisi boldy. Strategy Analitics kompaniýasynyň hünärmenleri bu mowzuk boýunça geçirilen derňew işini neşir etmek bilen şeýle netijä geldiler. Bu barada sm.news habar berýär.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda koreý kompaniýasy 77 million gurluşy satyp,  bazaryň 23 göterimini eýelemegi başardy. Ikinji orunda amerikan korporasiýasy Apple ýerleşdi. Ol bu döwürde 57 million iPhone satyp, halkara bazaryň 17 göterimini eýeledi. Üçlügi hytaý brendi Xiaomi jemleýär. Onuň hasabynda alyjylar tarapyndan satyn alnan 49 million gajet bar (15%).
Dördünji we bäşinji orunlarda her biri bazaryň 11%-ini eýelän Oppo (Realme we OnePlus bolmazdan) we Vivo ýerleşdi, olar geçen ýylky netijelerini degişlilikde, 68 we 85% ýokarlandyrdylar. Olaryň üpjünçiligi 23 we 20 million birlige deňdir.
Huawei TOP-5-den çykdy. Kompaniýa “beýlekileriň” sanawyna goşuldy. Birinji çärýekde ol 20 milliondan az smartfon satdy.
Tutuş dünýäde smartfon satuwy ýokarlanýar. Maglumatlar çärýegiň dowamynda dünýäde 340 million smartfonuň ýerlenendigini görkezýär, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24% köpdür. Şeýlelik bilen, 2015-nji ýyldan bäri täze rekord goýuldy.

düýn 23:22
396

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......