Paralimpiýa türgeni Alekseý Talaý täze dünýä rekordyny goýdy

  • 24.04.2021 11:41
  • 17k+

Belarusly paralimpiýa türgeni Alekseý Talaý suwda ýüzmek boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Ol Linýano-Sabbiadoro (Italiýa) şäherinde geçirilen suwda ýüzmek boýunça IPC Dünýä seriýasynda çykyş etdi. Talaý bras görnüşi boýunça 50 metr aralygy 1:18:42 wagtda geçdi. Ol iň agyr SB1 synpynda bäsleşdi diýip, Sputnik gullugy habar berdi.

Türgen toplumlaýyn ýüzmekde 150 metr aralykda ýene bir altyn baýraga mynasyp boldy  we bu aralygy 5 minutda geçdi. Alekseý öz şahsy netijesinden 10 sekunt ir geldi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Alekseý Talaý 1999-njy ýylyň 8-nji maýynda, 16 ýaşynda el-aýagyndan mahrum boldy: ol Ikinji Jahan urşy döwrüniň minasyndan ýaryldy. Betbagtçylykdan ozal ol baýdarkada ýüzýärdi, karate, dzýudo, suwda ýüzmek bilen meşgullanýardy.
Güýçli partlamadan soň, Talaý 2016-njy ýylda sporta gaýdyp geldi. Häzir ol ýüzmek boýunça ençeme dünýä we Ýewropa rekordlarynyň eýesi. Paralimpiýa sporty boýunça ol ýurduň milli ýygyndysyna yzygiderli çagyrylýar. Häzir ol bar ünsüni jemläp, Tokioda geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......