Hytaý 2021-nji ýylda ykdysadyýetiniň ösüşi boýunça dünýäde birinji orny eýeledi

  • 20.04.2021 16:29
  • 9k+

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde koronawirus pandemiýasyndan soň önümçilik we sarp ediş işjeňligi kadaly ýagdaýa gelen Hytaýyň ykdysady ösüşi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 18,3% ýokarlandy. Bu barada The Independent habar berdi.

Anna güni mälim edilen bu görkezijiler 2020-nji ýylyň başyndaky ýagdaýyň deňeşdirmesi esasynda artdyryldy. Şol döwürde ykdysadyýetiniň möçberi boýunça dünýäde ikinji ýurt soňky onýyllygyň dowamyndaky iň düýpli çökgünligi başdan geçiripdi. Ýurduň Hökümeti ykdysadyýet eýýäm dikelip başlananda, işjeňligiň ösüşiniň 2020-nji ýylyň soňky çärýegi bilen deňeşdirilende has pes, ýagny 0,6% bolandygyny aýtdy.
Awtoulag önümçiliginiň we beýleki sarp edijileriň ösüşi ýurtda geçen ýylyň mart aýynda zawodlaryň we dükanlaryň açylmagyna rugsat berleninden bäri pandemiýadan öňki derejesine çykdy.
Ýurduň Milli statistika býurosynyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, ykdysadyýet “konsolidirlenen esasda durnukly öndürijiligi we ýokary ösüş depginini görkezýär”.

düýn 23:15
1.4k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....