«Popular Mechanics» neşiri Ýuriý Gagariniň ýene bir rekord goýandygyny mälim etdi

  • 20.04.2021 11:52
  • 13k+

1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde sowet kosmonawty Ýuriý Gagarin kosmosa we Ýeriň orbitasyna üstünlikli çykan ilkinji adam bolupdy. Ýakynda Amerikanyň “Popular Mechanics” žurnaly Gagariniň mundan başga ýene bir rekord goýandygyny mälim etdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Soňky rekord boýunça Gagarin gipersoniki (giperses) tizlikde uçan ilkinji adam boldy. Ýokary tizlige ýetmek üçin obýekt ses tizliginden ýa-da 1 Max-dan ýokary tizlige ýetmeli. Sesiň tizligi, sesiň ýa-da jisimiň hereket edýän howasynyň düzümine we temperaturasyna baglylykda üýtgäp biler. Mysal üçin, Ýeriň atmosferasynda howa has ýuka we sowuk bolansoň, bu päsgelçiligi böwsüp geçmek üçin tizligiň talaplary deňiz derejesiniňkiden has pesdir.
Neşir Gagarinli “Vostok-1” kosmos gämisiniň tizliginiň Ýere gaýdyp gelende 5 Max-dan geçendigini belleýär.
"Popular Mechanics"-iň pikiriçe, gipersoniki tizlikde uçan ikinji adam - kosmosa çykan ilkinji amerikaly kosmonawt Alan Şepard boldy. Gaýdyp gelýärkä, Ýeriň atmosferasyna girende, onuň kapsulasynyň tizligi 5 Max-dan geçdi.
Adamyň kosmosa iň çalt syýahat etmegi boýunça rekord bolsa 1969-njy ýylda ses tizliginden 30 esse ýokary tizlige ýeten “Apollon 10”-yň ekipažyna degişlidir.

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....