Remezan aýynda agyz bekleýänlere saglygyny saklamak boýunça maslahatlar

Remezan aýynda agyz bekleýänlere saglygyny saklamak boýunça maslahatlar

Bilşimiz ýaly, 13-nji aprelde mukaddes Remezan aýy başlanýar. Bu aýda agyz bekleýänlerde saglyk bilen bagly näsazlyklaryň öňüni almak üçin lukmanlar peýdaly maslahatlaryny berýärler.

Mukaddes Remezan aýynda siziň iýmitiňiz adatdakysyndan gaty tapawutlanmaly däl. Iýýän iýmitiňiz kadaly agramyň üýtgemegine getirmeli däl. Eger-de siz artykmaç agramdan ejir çekýän bolsaňyz, onda Remezan agramy kadalaşdyrmak üçin hem iň gowy wagtdyr. Agyz beklemek wagtynyň köp wagt dowam edýändigi sebäpli, haýal özleşýän, ýagny siňmegi üçin 8 sagat töweregi wagt gerek bolan iýmitleri kabul etmek maslahat berilýär. Şeýle iýmitlere bugdaý dänesini saklaýan iýmitler, gök önümler, noýba, nohut, mekgejöwen, kabaçok, ysmanak we beýleki gök önümler, miweler, guradylan miweler, kişde, injir, garaly, mindal we beýlekiler (çylşyrymly uglewodlary saklaýanlar) girýär.
Bedende şeker, ýokary hilli undan we ş.m bolan önümler çalt ýakylýar. Iýmitlenme deňagramly bolmaly we ol gök önümler, miweler, et, balyk, çörek, däneli we süýt önümleri ýaly her topardan iýmitleri öz içine almalydyr. Gowrulan iýmit saglyga zyýan ýetirýär, şonuň üçin ony kabul etmegi çäklendirmeli. Şeýle iýmit aşgazanyň işiniň ýaramazlaşmagyna, sary gaýnama getirýär we agrama-da täsir edýär.
Agyz beklenende artykmaç iýmekden, köp suwuklyk içmekden saklanyň (aşa köp suwuklyk içmek bilen organizmden günüň dowamynda tonusy saklamak üçin zerur bolan mineral duzlar çykýar).
Çilim çekmeli däl! Eger bu endikden aýrylyp bilmeýän bolsaňyz, Remezana çenli çekilýän çilimiň sanyny azaltmaga çalşyň. Çilim çekmek saglyk üçin zyýanly, size bu endikden asla ýüz öwürmek gerek!
Organizmde kadaly suwuklyk derejesini saklamak üçin, agzaçar bilen ukynyň aralygynda köpräk suw we şire suwlaryny içiň.