Pandemiýa garamazdan, ýurdumyz bellenilen maksatnamalara laýyklykda ösýär — Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 10.04.2021 13:37
  • 30k+

Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, Türkmenistan göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 5,9 % derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 % ýokarlandyryldy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam edýändigini belledi.
Hususy pudagy ösdürmegi goldamak, ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçileri giňden çekmek syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek işleri dowam edýär diýip, Türkmen Lideri belledi.
Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri alyp barmak, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmak bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şonuň ýaly-da, pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmak, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wajypdyr. Hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreler görülmelidir.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......