Kofe haýsy ýagdaýlarda saglyk üçin howply bolup biler

  • 08.04.2021 23:50
  • 27k+

Käbir ýönekeýje düzgünler berjaý edilmese, kofe hakykatdanam saglyga zyýanly bolup biler. Bu barada gastroenterolog lukmany Nuria Dianowa "Zvezda" teleýaýlymynda gürrüň berdi.

Gurplandyryjy içgi birbada birnäçe ýaramaz täsirleri döredip biler diýip, lukman duýdurýar. Mysal üçin, kofeniň aşa köp düşmegi nerw ulgamynyň çökmegine sebäp bolýar, şeýle hem aşakdaky alamatlar bilen reflýuks ýaly aşgazan meselelerini döredýär:

  • esasan, gije we irden saryň gaýnamagy
  • aşa köp tüýkülik
  • turşy ýa-da ajy tagam
  • ýürek bulanma we gaýtarmak
  • aşgazan agyrysy

"Biz hiç wagt ajöze beýle içgini içmeýäris, beýtseň, ol soňlugy bilen diňe zyýan berip başlaýar" diýip, lukman maslahat berýär. Şeýle hem, lukman iýmitiňize ýokary hilli däneli kofeni goşmagy maslahat berdi.

05.07.2025 18:06
2.6k+

Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady...

05.07.2025 04:45
1.5k+

Aşgabatda Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler...

04.07.2025 11:29
8.3k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi

3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy...

03.07.2025 10:19
3.9k+

Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär...