Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly bolup çykdy

Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly bolup çykdy

Birmingem uniwersitetiniň alymlary kakao flawanollarynyň damar funksiýasynyň stresli üýtgemelerine edýän täsirini öwrenmek maksady bilen, ylmy barlag geçirdiler. Ylmy işiň netijeleri «Nutrients» neşirinde çap edildi diýip, msn.com habar berdi.

Anyklanylmagyna görä, kakao stresi ýeňilleşdirýän içgi bolup çykdy. Alymlaryň maglumatlaryna görä, psihiki stres mahaly meýletinçilere ýokary derejeli flawanolly kakao içgisi berlende, gan damarlary öz işini has talabalaýyk ýerine ýetirýärler.

«Flawanollara baý kakao içmegiň psihiki stresden soňky wagtlaýyn endotel disfunksiýasyny azaltmak we stres epizodlarynda gan aýlanyşyny gowulandyrmak üçin täsirli iýmit strategiýasy bolup biljekdigine göz ýetirdik» -diýip, ylmy işiň baş awtory doktor Katarina Rendeiro belledi.

Şeýle-de alymlar alma, gara üzüm, böwürslen, ülje, malina, noýba we gök çaý ýaly beýleki iýmitleriň hem flawanollara baýdygyny bellediler.