В Испании провели коронавирусный "тест" с помощью концерта

  • 30.03.2021 18:16
  • 10k+

Barselonada 5 müň adamyň gatnaşmagynda uly konsert geçirildi. Bu pandemiýa başlany bäri şäherde şeýle göwrümli ilkinji köpçülikleýin çäredir diýip, pravda.com.ua habar berýär.

Konsert 24 müň tomaşaçyny kabul edip bilýän Palau-San-Žordi sport meýdançasynda geçirildi. Konsertiň kömegi bilen pandemiýa döwründe berk arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, şeýle çäreleri geçirip bolýandygyny ýa-da ýokdugyny barlamak meýilleşdirildi. 
Petekleriň bahasy barlagyň we girişde berilýän örtügiň bahasyny hem öz içine aldy. Adamlar örtügi diňe bellenen ýerlerde iýip-içenlerinde aýryp bilýärdiler.
Ähli tomaşaçylar konsertden öň koronawirus üçin barlag tabşyrmaly boldular. Jemi alty položitel netije alyndy. Konserte diňe ölçegleri barlagyň netijelerini almaga mümkinçilik berýän smartfonly 18 ýaşdan 65 ýaş aralygyndaky hasaba alnan adamlar goýberildi. 
Ýerli häkimiýet konsertiň geçirilmegini makullady. Indi konserte gatnaşanlar ýakyn hepdelerde koronawirus bilen keselleseler, barlagy geçirijilere habar bermeli. Soň bu maglumatlaryň esasynda hünärmenler ýurtdaky ortaça görkeziji bilen deňeşdirilende, konsertiň 5 müň myhmanynyň arasynda keselleme derejesini seljererler. Şeýlelik bilen, köpçülikleýin çärelere gatnaşyp, COVID-19 bilen kesellemek howpunyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak bolar.

15.06.2026 12:32
5.6k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.6k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....