Azyk bolçulygyna hususy pudagyň goşandy: sanlar we maglumatlar

Azyk bolçulygyna hususy pudagyň goşandy: sanlar we maglumatlar

Üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde Türkmenistanda azyk bolçulygyny gazanmak başartdy. Bu babatda ykdysadyýetiň hususy pudagyna möhüm orun degişlidir. TmCars.info ilatymyzy azyk harytlary bilen üpjün etmek işine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşygy dogrusynda taýýarlan synyny dykgatyňyza ýetirýär.

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden maksatnamalaryna, gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzda 750-ä golaý oba hojalyk we azyk maksatly desgalaryň gurulmagy bellenilip, olaryň agramly bölegi işe girizildi, galanlarynda gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli dowam etdirilýär. 
  • 2019-njy ýylda 31 sany, 2020-nji ýylda 33 sany oba hojalyk we azyk maksatly önümçilikler, şol sanda 6 sany maldarçylyk we 3 sany guşçulyk toplumy, 9 sany döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhana, 12 sany miweli baglaryň, üzümiň we gök-bakja ekinleriniň ekin meýdany, 3 sany azyk ugurly desga işe girizildi.
  • Birleşmäniň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylda azyk önümleriniň 30-dan gowrak täze görnüşi çykaryldy. 2020-nji ýylda azyk önümlerini eksport etmekde öňki ýyldakydan 25,8 göterim ösüş gazanyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, daýhan birleşikleriniň jemi 111 917,9 gektar ýerleri 70 göterimine döwlet sargydy esasynda bugdaý we gowaça, galan 30 göterimine bolsa öz islegine görä dürli görnüşli ekinleri ekmek şerti bilen hususy taraplara berildi.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, gök-bakjaçylyk daýhan birleşikleriniň jemi 19 383,22 gektar ýerleri gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekmek şerti bilen hususy taraplara berildi. Şol ýerlere miweli baglar, üzüm, ýeralma, sogan, gök, bakja ekinler, şeýle hem däneli ekinlerden şaly, mäş, künji ekilýär.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky we 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Kararlaryna laýyklykda, TSTB-niň 268 sany agzasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasynyň dünýä meşhur tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin şertnamalary baglaşdylar.