Fukusimada Olimpiýa alawynyň estafetasy badalga aldy

Fukusimada Olimpiýa alawynyň estafetasy badalga aldy

Ýaponiýanyň Fukusima prefekturasynda Olimpiýa alawynyň estafetasynyň badalga alyş dabarasy boldy. Olimpiýa alawyny ilkinji bolup götermek 2011-nji ýylda dünýä çempiony bolan Ýaponiýanyň futbol boýunça zenan ýygyndy toparynyň oýunçylaryna ynanyldy diýip, vesti.ru habar berýär.

Ýurtda Olimpiýa alawynyň tutuş ýurt boýunça hereket etmegi üçin başlangyç ýer tötänleýin saýlanmady – Fukusima prefekturasy 2011-nji ýylyň güýçli sunamisinden we “Fukusima-1” atom elektrik stansiýasyndaky heläkçilikden soň, ýaşaýşyň dikeldilmeginiň nyşany hökmünde saýlandy.
Alaw Ýaponiýa boýunça 121 gün syýahat eder, bu wagtyň içinde ol ýurduň 47 prefekturasyna barar. 23-nji iýula çenli alaw Tokio getiriler we şol gün tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar. Estafeta 10 müňe golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. 
Belläp geçsek, öň Ýaponiýada Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda daşary ýurtly tomaşaçylaryň bolmazlygyndan ýetýän ýitgini hasapladylar. Hünärmenleriň pikiriçe, ýurduň býujetinde 150 milliard ýen (1,37 milliard ABŞ dollary) ýetmezçilik eder.