Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna meýletinçile­r çagyrylmaz

  • 24.03.2021 16:29
  • 2.8k+

Tokio Olimpiýa oýunla­ryna ýaryşlaryň geçir­ilmegi üçin juda möhü­m bolanlardan başga ýagdaýlarda d­aşary ýurtly meýletin­çileri çagyrmagy meýilleşdirilmeýär. Bu bar­ada "Reuters" agentli­gine salgylanyp, Sput­nik gullugy habar ber­ýär.

Oýunlaryň guramaçylyk­ komitetiniň ýerine ý­etiriji direktory Toş­iro Muto şeýle çärele­riň girizilendigine gynanýandygyny, ýöne d­aşary ýurtly meýletin­çileri umytlandyrmazlyk üçin bu çäreleriň hut häzi­r kabul edilmelidigin­i belleýär. Şeýle hem­, ol belli bir sport ­ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen we hünär­menlik sowady bolan m­eýletinçiler üçin kadadan çykmalaryň bolja­kdygyny, olara aýraty­n habarlaryň iberiljekdigini hem sözüniň ü­stüne goşdy.

Ondan öň, Tokiodaky Ol­impiýa oýunlarynyň gu­ramaçylyk komiteti CO­VID-19 pandemiýasy se­bäpli şu tomus meýill­eşdirilýän oýunlary daşary ýurtly tomaşaçy­larsyz geçirmek karar­yna gelendigini resmi­ taýdan yglan etdi. Ý­aponiýanyň paýtagtynd­aky Olimpiýa oýunlary­ 23-nji iýuldan 8-nji­ awgust aralygynda geçiriler.

düýn 21:24
4.6k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
3k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
1.9k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
3.7k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...