Duşenbe – 2021-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty

  • 22.03.2021 17:32
  • 10k+

21-nji martda Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky Döwlet akademiki opera we balet teatrynda “Duşenbe – GDA-nyň medeni paýtagty-2021” sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Duşenbe şäheriniň häkimi Rustam Emomalä şäher üçin GDA-nyň medeni paýtagty adyny tassyklaýan şahadatnama gowşuryldy.

Şahadatnama gowşurylandan soň, Duşenbe şäheriniň häkimi Rustam Emomali GDA agza döwletleriň, doganlyk şäherleriniň, diplomatik korpuslaryň, Duşenbede ýerleşýän halkara guramalarynyň wekillerini, şeýle-de myhmanlary we maksatnama gatnaşyjylary Täjigistanyň paýtagty Duşenbä gelmekleri bilen gutlady. Ol 2021-nji ýylda Duşanbe şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde saýlanandygy we yglan edilendigi üçin “Bileleşigiň medeni paýtagtlary” döwletara maksatnamasynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.
Duşenbäniň medeni paýtagt hökmünde yglan edilmegi mynasybetli Täjigistanyň paýtagtynyň ýeten üstünlikleri barada gysga metražly film görkezildi, şeýle-de respublikanyň we GDA agza döwletleriň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi.

şu gün 15:52
748

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
1.8k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
996

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....