Alymlar adamlarda gözüň reňkine jogapkär 50 sany täze gen tapdylar

  • 16.03.2021 12:14
  • 12k+

Adamlarda gözüň reňkiniň genetiki esaslary öň pikir edilişinden has çylşyrymly bolup çykdy. Erazm Rotterdam adyndaky lukmançylyk merkeziniň alymlary Londonyň Şa kollejinden kärdeşleri bilen bilelikde şeýle netijä geldiler. Bu barada 21mm.ru habar berýär.

Alymlar taryhda adamlarda göz reňkiniň genetikasynyň iň uly barlagyny geçirdiler. Oňa Ýewropadan we Aziýadan 195 müňden gowrak meýletinçi gatnaşdy. Meýletinçileriň genlerini seljermegiň esasynda alymlar gözüň reňkine jogap berýän 50 sany täze gen tapdylar. Öň alymlar gözüň reňkine diňe iki gen jogap berýär diýip hasaplaýardylar. Jeýms Uotson bilen Frensis Krik 1962-nji ýylda bu açyş üçin Nobel baýragyny aldylar. 
Şeýlelikde, alymlar adamlarda gözüň reňkiniň syryny açmakda uly öňegidişlik etmegi başardylar. Olaryň aýtmagyna görä, adam ýüzleriniň iň täsirli aýratynlygy üçin jogapkär genler, aslynda, belli bolşundan has köp. Bu açyş lukmançylykda örän peýdaly bolar, sebäbi ol gözüň pigmentiniň dispersiýa sindromy ýa-da göz albinizmi ýaly göz pigmentasiýasy bilen baglanyşykly dürli kesellere has gowy düşünmäge kömek eder. 

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......