Dünýäde smartfon önümçiligi şu çärýekde 6% azalar

  • 16.03.2021 16:16
  • 11k+

Apple iPhone 12 tapgyrynyň smartfonlarynyň oňyn satuwy, şeýle-de hytaý öndürijileriniň ABŞ-nyň Huawei kompaniýasyna garşy girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde agressiw strategiýasy netijesinde, şu çärýek dünýäde smartfon önümçiligi geçen çärýek bilen deňeşdirilende, 6% azalar. Ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda jemi 342 mln gurluş öndüriler. Şeýle maglumatlar TrendForce analitik kompaniýasy tarapyndan neşir edilen çaklamada getirilýär. Analitikler bu görkezijiniň ýyllyk aňlatmasynda 25% ösüşe laýyk gelýändigini belleýärler diýip, ixbt.com habar berýär.

Adatça, birinji çärýekde smartfon önümçiliginiň öňki çärýek bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% azalmak ýörelgesi bardy. Isleg geçen ýylyň dördünji çärýeginiň iň ýokary möwsüm derejesinden pese gaçýar. Ýöne şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleriniň beýleki möwsüme dahylly bolmazlygyna garaşylýar.
Analitikler pandemiýanyň gowşamagy bilen 2021-nji ýylyň galan böleginde pudak kem-kemden dikeler diýip çaklaýarlar. Enjamlaryň çalşylmagyna bolan döwürleýin islegi hem-de ösüp barýan sebitleriň islegini göz öňünde tutup, TrendForce 2021-nji ýylda smartfon önümçiliginiň umumy göwrüminiň 1,36 mlrd birlige ýetjekdigini çaklaýar. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 9% köpdür.

düýn 22:44
1.4k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
5.5k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....