Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy

  • 16.03.2021 03:36
  • 3.5k+

Amerikaly pop aýdymçysy Billi Aýliş «No time to die» kompozisiýasy üçin «Wizual media üçin ýazylan iň gowy aýdym» ugry boýunça «Gremmi» baýragyny aldy. Bu barada guramanyň resmi web sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

Aýdylmagyna görä, Aýliş öz ýeňşini dogany we aýdym-saz hyzmatdaşy Finneas O'Konnell bilen paýlaşdy.
"No time to die" aýdymy meşhur Jeýms Bond hakdaky adybir film üçin ýazyldy. Bondiananyň iň soňky bölümi koronawirus pandemiýasy sebäpli köp gijikdirilenden soň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda uly ekranlara çykar.
Aýliş we O'Konnell Teýlor Swift, Sintiýa Eriwo, kompozitorlar Kristen Anderson-Lopez we Robert Lopez ýaly bäsdeşlerinden öňe geçmegi başardy.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....