Yssy howa ýaşaýyş üçin howply diýlip ykrar edildi

  • 16.03.2021 00:46
  • 14k+

«Proceedings of the Royal Society B» neşiri Şwesiýanyň Uppsala uniwersitetiniň alymlarynyň ylmy gözlegleriniň netijelerini paýlaşdy. Bu gözlegiň netijesinde, yssy howa ýaşaýyş üçin howply diýlen netijä gelindi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Barlagçylar yssy howa beloklaryň işleýşine täsir edýän howply genetiki üýtgeşmelere sebäp bolýar diýip hasap etdiler. Bu täsir organizmleriň täze gurşawda uýgunlaşmak we ýaşamak ukybyna hem täsir edýär.
Alymlar beloklaryň işleýşiniň nazaryýet modellerini dürli ýaşaýyş ýerlerinde mutasiýalaryň dürli ýaşaýyş görnüşlerine täsiri baradaky maglumatlar bilen bilelikde öwrendiler. Şeýlelik bilen, hünärmenler üýtgeýän gurşawda mutasiýa ýüze çykmazdan öň we soň organizmleriň durmuşynyň nähili üýtgändigini hasaba aldylar.
Netijede, daşky gurşawyň ýokary temperaturasy sebäpli zyýanly mutasiýa täsiriniň artýandygy ýüze çykdy. Şeýle hem barlagçylar, Ýeriň global temperaturasynyň 2-4 gradus ýokarlanmagynyň janly organizmleriň tropiki görnüşlerinde DNK-nyň üýtgemeginden iki esse ýaramaz netijelere sebäp boljakdygyny anykladylar.

şu gün 20:31
1.6k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
5.4k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......