OPEK 2021-nji ýylda nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

OPEK 2021-nji ýylda nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

OPEK 2021-nji ýylda global nebit isleginiň günde 5,9 mln barrel ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Şeýle maglumat guramanyň mart aýyndaky hasabatyndan gelip çykýar diýip, news.mail.ru habar berýär.

2021-nji ýylda dünýäde nebite bolan isleg bir günde 96,3 mln barrele ýeter. Fewral aýynda OPEK şu ýyl dünýäde nebit isleginiň 5,79 mln barrel, ýagny günde 96,05 mln barrele çenli ýokarlanmagyna garaşypdy.
OPEK fewral aýynyň çaklamasy bilen deňeşdirilende, şeýle oňyn ösüşi dünýädäki koronawirus çäklendirmeleriniň kem-kemden ýatyrylmagy netijesinde dünýä ykdysadyýetiniň dikelýändigi bilen düşündirýär. Şol bir wagtyň özünde OPEK-iň hünärmenleri 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropanyň köp ýerinde koronawirus sebäpli çäklendiriji çäreleriň uzaldylandygy üçin, nebite bolan islegiň pes boljakdygyny belleýärler.
OPEK-iň analitikleri şu ýylyň üçünji çärýeginde dünýäde nebite bolan islegiň ikinji çärýekdäki bir günde 95,61 mln barrel we birinji çärýekdäki bir günde 93,04 mln barrel bilen deňeşdirilende, bir günde 97,43 mln barrele, dördünji çärýekde 98,91 mln barrele ýetmegine garaşýar.
OPEK ýurtlarynyň önümçiligi fewral aýynda (aýdan-aýa) bir günde 65.000 barrel, ýagny bir günde 24,85 mln barrele çenli azaldy. 2020-nji ýylda OPEK bir ýyl ozalky günde 29,34 mln barrelden soň, günde 25,65 mln barrel nebit çykardy.