Türkmenistanda telekeçilere söwda merkezlerini hususylaşdyrmak teklip edilýär

  • 13.03.2021 18:21
  • 28k+

Türkmenistanda söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak teklip edilýär. Degişli teklip Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer G.Müşşikow Hökümet mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bu desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi.
Türkmen Lideri hasabaty diňläp, toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň okgunly ösüş depgininiň üpjün edilýändigini belledi. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Döwlet Baştutany Ýokary gözegçilik edarasy bilen bilelikde hödürlenen teklip boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

düýn 23:22
324

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......