10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda sport desgalarynyň sany 39,3% artdy

  • 11.03.2021 23:04
  • 6.5k+

Türkmenistanda bedenterbiýe hereketini ösdürmek maksady bilen döwlet tarapyndan gurlan sport desgalarynyň sany soňky on ýylda 39,3% artdy. 2011-nji ýylda olar 4 müň 103 sany bolup, 2021-nji ýylyň başynda 5 müň 717-ä ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, ORIENT habar berdi.

2011-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli futbol we ýeňil atletika ýaryşlary geçirilýän münberli stadionlaryň sany 108,5% artdy. Munuň netijesinde millionlaryň oýny bilen meşgullanýan müňlerçe höwesjeňler döwrebap, ýokary hilli meýdançalarda türgenleşmäge mümkinçilik aldy.
Adaty sport meýdanlarynyň we höwesjeň ýaryşlar üçin meýdançalaryň sany 2011-nji ýylda 2734 sany bolup, 2020-nji ýylda 3699-a ýetdi. Ösüş 35.2% deň boldy. Elbetde, munuň netijesinde adamlaryň ep-esli bölegi has işjeň durmuş ýörelgesini alyp barmak we halaýan sporty bilen meşgullanmak mümkinçiligine eýe boldy.
Soňky on ýylda Türkmenistanda sport zallarynyň sany 50%-den gowrak artdy. 2011-nji ýylda olaryň sany 1 müň 235 bolan bolsa, 2020-nji ýylda 1 müň 867-ä ýetdi. Tölegli howuzlaryň sany hem ep-esli artdy - olaryň sany 2011-nji ýylda 35-di, 2020-nji ýylda bolsa 75-e ýetdi. Ösüş 114,2% deň boldy.
Türkmenistanda sport we sagaldyş toplumlarynyň sany 2011-nji ýylda 21 sanydy. 2020-nji ýylda bolsa olaryň sany 30-a ýetdi. Mundan başga-da, 2015-nji ýylda olaryň sany 35-di - käbirleri abatlamak üçin ýapyldy we şondan soň gaýtadan işe girizildi.
Bu görkezijiler hökümetiň ilatyň ähli gatlaklary üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge mümkinçilik berýän zerur şertleri döredýändigini görkezýär. Türkmenistanda sport desgalarynyň sanynyň ýakyn ýyllarda hasam köpelmegine garaşylýar.

 

şu gün 13:33
1.4k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda “Inter” “Fluminenseden”, “ManSiti” “Al-Hilýaldan” utuldy

ABŞ-da geçirilýän futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda Milanyň “Interi” garaşylmadyk ýagdaýda “Fluminenseden” 0:2 hasabynda utuldy. Toparlar Şarlottdaky “Bank of Amerika” stadionynda oýnady...

düýn 19:16
7.6k+

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew «Stawropol ülkesiniň gubernatorynyň kubogy» atly bilýard boýunça halkara Dünýä kubogy ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, erkekleriň arasynda bürünç medal gazandy. Ýaryş 23-30-njy iýun aralygynda Stawropolda geçirildi...

düýn 11:22
1.4k+

Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy)...

düýn 11:10
6.9k+

«PSŽ» «Bawariýa» bilen duşuşar: Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji çärýek finalçylary belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň 1/8 finalynyň ýene iki duşuşygy tamamlandy. Olaryň netijesinde ýaryşyň dörtden bir finalynyň ikinji garşydaş toparlary belli boldy. “PSŽ” “Inter Maýamini” jogapsyz 4:0 hasabynda utdy...