Dünýädäki iň çalt superkompýuter doly güýjünde işläp başlady

  • 09.03.2021 17:34
  • 16k+

Ýaponiýada dünýädäki iň çalt superkompýuteri doly kuwwatynda işe girizmek dabarasy boldy diýip, ntv.ru habar berýär.

Ýapon hünärmenleri “Fugaku” superkompýuterini doly kuwwatda bir aý ir işletmek kararyna geldiler. Aslynda, muny aprel aýynda amala aşyrmak meýilleşdirilipdi, ýöne Ýaponiýanyň Tebigy ylymlar institutynyň hasaplaýyş merkezi alymlaryň COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly alyp barýan köp sanly gyssagly barlaglary bilen baglylykda, superkompýuteri ir işe girizmek kararyna geldi.
“Fugaku” 2020-nji ýylyň aprel aýynda bölekleýin işe girizildi. Iýun aýynda ol dünýäniň iň kuwwatly superkompýuterlerini kesgitleýän “Top-500” halkara taslamasynyň hünärmenleri tarapyndan dünýäde iň çalt superkompýuter diýlip ykrar edildi. Noýabr aýynda bu status ýene bir gezek tassyklandy.
Häzir Fujitsu korporasiýasy tarapyndan döredilen superkompýuter ýüzden gowrak dürli barlaglara gatnaşýar. “Fugaku” superkompýuteri sekuntda 415 kwadrillion hasaby amala aşyrmaga ukyply. Bu öň dünýäde iň çalt superkompýuter hasaplanan, häzir sanawda ikinji orna düşen Ok-Rijdäki ABŞ-nyň milli barlaghanasynyň Summit superkompýuteriniň tizliginden 2,8 esse ýokarydyr. Üçünji orny hem amerikan superkompýuteri, dördünji we bäşinji orunlary Hytaýyň maşynlary eýeleýär.

şu gün 19:33
580

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

şu gün 15:48
1.4k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

şu gün 07:30
2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......

düýn 18:37
1.2k+

Samsung Galaxy Watch6 huşdan gitmegi öňünden çaklamagy öwrendi

Samsung kompaniýasy Galaxy Watch6 akylly sagatlarynyň wazowagal huşdan gitme ýagdaýyny (çaşmaklyk) bäş minut öňünden 84%-den gowrak takyklyk bilen çaklap bilýändigini habar berdi....