Häzir haýsy ýurtlar syýahatçylyk üçin dolulygyna açyk?

  • 08.03.2021 23:58
  • 32k+

Koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtly syýahatçylar çäklendirmesiz diňe bäş ýurda syýahat edip bilerler: Albaniýa, Dominikan Respublikasy, Tanzaniýa, Kosta Rika we Demirgazyk Makedoniýa. Bu barada Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) 8-nji martdaky hasabatyndan mälim boldy, diýip news.mail.ru habar berýär.

Bellenilip geçilişi ýaly, fewral aýyna çenli 69 döwlet daşary ýurtlular üçin ýapykdy. Ýene 73 döwlet serhetlerini bölekleýin ýapdy.
Şol bir wagtyň özünde, 70 döwlet gelýän syýahatçylardan karantin ýa-da COVID-19 üçin otrisatel barlag netijesini talap edýär.
UNWTO hasabatynda koronawirusyň täze ştammlarynyň ýaýramagynyň ýurtlaryň serhetleri ýapmak ýaly has berk çäre görmegine sebäp bolandygyny belleýär.

“Indi syýahatçylygy täzeden dikeltmegiň üstünde işleýäris, çäklendirmeleriň çözgüdiň diňe bir bölegidigini ykrar etmelidiris. Çäklendirmeleriň girizilmegi iň soňky maglumatlara we seljermelere esaslanmalydyr we millionlarça kärhanalaryň we işçileriň garaşly pudagynyň howpsuz we jogapkärli täzeden başlamagyny üpjün etmek üçin yzygiderli barlanmalydyr "-diýip, UNWTO-nyň ýolbaşçysy Zurab Pololikaşwili aýtdy.

25.06.2026 23:36
5.1k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......