UFC-niň ýolbaşçysy Nurmagomedowa sentýabr aýynda oktagona çykmagy teklip etdi

  • 08.03.2021 09:19
  • 41k+

Ultimate Fighting Championship promouşeniniň ýolbaşçysy Deýna Uaýt russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedowy sport karýerasyny dikeltmäge yrmak niýetinden galmaýar.

7-nji marta geçilýän gije Las-Wegasda Islam Mahaçew bilen amerikaly Drýu Dober duşuşdy. Nurmagomedow şol söweşde Mahaçewiň sekundanty boldy. Uaýt söweşden soň, oktagona dolanmak barada Habib bilen gürleşendigini aýtdy. Bu barada oreanda.ru belläp geçýär.

«Men oňa: «Sentýabr aýynda söweşmegi neneň görýärsiň?» diýdim. Ol muňa gülmek bilen: «Göreris» diýip jogap berdi. Ýakyn günlerde men onuň bilen agşamlyk naharynda duşuşmakçy” – diýip, Deýna Uaýt UFC 259 turnirinden soň, metbugat maslahatynda aýtdy.

Belläp geçsek, UFC 259 turnirinde Mahaçew demikdiriji usul bilen Drýu Doberden üstün çykdy. Indi 29 ýaşly söweşijiniň hasabynda MMA-da 19 ýeňşi we bir ýeňlişi bar.

şu gün 12:18
593

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

şu gün 12:16
321

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
5.4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
4.8k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....