Beýik Britaniýa we Irlandiýa 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyny bilelikde geçirip biler

  • 04.03.2021 17:27
  • 6.2k+

Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonson ýurduň 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyny Irlandiýa bilen bilelikde geçirmek barada ýüz tutmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada sports.ru habar berdi.

"Futbol öýüne dolanýar" -diýip, premýer-ministr belleýär. Angliýanyň hökümeti bu arzany bermek üçin 2,8 million ýewro bölüp berer.
“Biz arzanyň durmuşa ukyplylygyna baha bermek üçin heniz FIFA 2022-nji ýylda resmi taýdan işe girişmänkä tehniki-ykdysady delillendirmeleri geçirmegi dowam etdireris.
Futbol boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek biziň ýurtlarymyza peýda getirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döreder"-diýip, Angliýanyň, Uelsiň, Şotlandiýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň we Irlandiýa Respublikasynyň Futbol Assosiasiýalarynyň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

düýn 17:49
8.1k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

düýn 17:19
5.4k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.3k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 12:51
3.6k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi...